Seýran - Kimlere galdyň 2024/ کیملره غالدینگ؟ـسِیران (تورکمنچه)
Salam dostlar men size ýene bir täze aýdymymy kliby bilen hödürleýän. Nähili bolupdyr? Öz pikiriňizi kommentda belläň.
Lyrics: Seyran Arrykow
Music: Seyran Arrykow
Arranger : Atajan Annamyradow
Clipmaker: Meylis Alyyew
Kimlere galdyň
Ýene kimlere galdyň sen
Ýene gözlerim aldyň meň
Ýene kimlere galdyň sen
Ýene gözlerim aldyň
Meniň saňa galandyr arym
Indi gelip sorama halym
Diýipdiň sen bolmaryn ýaryň
Bolmaryn ýaryň
Bolmaryn ýaryň
Razy etjek bolup günde iki işde işleýän
Öýe ýadap gelip gaty çörek dişleýän
Seniň iňňirdiňden eýýäm gulak haşlaýar
Senden gidem soň indi täze durmuşa başlaýan
Saklap indi bilmersiň saklap
Ýatla eden hereketiň hakda
Toplap bar gaharymy toplap
Giderin seretmän yzyma hatda
Ýene kimlere galdyň sen
Ýene gözlerim aldyň meň
Ýene kimlere galdyň sen
Ýene gözlerim aldyň
Tap tap ýene birini tap
Gulagyna münip gözini ýap
Ýöreýär kelläňde diňe hasap
Ýanynda sen ol bolýança hassa
Tap tap ýene birini tap
Sen indi galdyň iň soňky gat
Her iki günden üýtgeýär at
Ol bar zady bildi başgany tap
Seni görsem goýardym baryn
Ýöne ýadadym çekip seň zaryň
Seni görsem goýardym baryn
Ýöne ýadadym men çekip seň zaryň
Ýene gözlerim aldyň
Ýene kimlere galdyň sen
Ýene gözlerim aldyň meň
Ýene kimlere galdyň sen
Ýene gözlerim aldyň
Ýene ýene gözlerim aldyň
نظرات